Выбрать язык :

SPORT-SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Дата: 28.11.2024

Hormatly Arkadagymyz: «Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys.

Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir» diýip belläp geçýär. Şol esasda hem ýurdumyzyň çäginde ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri üçin sport meýdançalary we başga-da birnäçe işler alnyp barylýar.

2024-2025-nji okuw ýylynyň 4-9-njy noýabr aralygynda mekdebimiziň çäginde “Sport” hepdeligi geçirildi.

Hepdeligiň dowamynda mekdebimiziň 5-6, 7-8-nji synpyň gyzlarynyň arasynda “Estafeta ýaryşy” geçirildi. 5 A, 7B synpyň gyzlary I-nji ýere mynasyp boldylar.

 
5-6, 7-8, 9-10, 11-12-nji synplaryň oglanlarynyň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. 5B, 10A, 12A synplaryň oglanlary I-nji ýeri eýelediler.
11-12-nji synplaryň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi, we 12B synpyň okuwçylary ýeňiji boldy.
Başlangyç synplaryň arasynda “Kim çalasyn” atly yaryşlary geçirildi.  Ol ýaryşda orun alan synplar mekdep müdirligi tarapyndan “Hormat haty”  bilen sylaglandy.
UB-niň ýolbaşçysy: Muhyýewa Şemşat.

 

Выбрать язык :